Türkmen Lideri: dünýä syýasatyna hukuga bolan sylagy gaýtarmaly

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri: dünýä syýasatyna hukuga bolan sylagy gaýtarmaly
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Döwlet baştutanlarynyň Geňeşinde “dünýä syýasatyna hukuga hormat goýmak, dialogyň medeniýetini, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagy we aýdyňlygy gaýtaryp getirmek zerurdyr” diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan GDA ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda ählumumy howpsuzlygyň emele gelen binýadyny bilelikde goramagy, halkara hukugyň we BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini belleýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

“Häzirki wagtda bu wezipe öňkülerden hem has derwaýysdyr. Dünýädäki prosesleriň barşy, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň döremek howpunyň derejesi bu wezipäniň çözülmegine baglydyr. Şu şertlerde GDA ýurtlary özleriniň syýasy-diplomatik mümkinçiliklerini ulanyp, BMG-de, beýleki abraýly halkara we sebit düzümlerinde birleşen we düýpli garaýyşlar bilen çykyş etmelidir” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Geňeşiň dowamynda GDA-nyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de birnäçe resminamalary kabul etmäge degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi. Şunuň bilen baglylykda, tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki işiň jemleri jemlenildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlar bellenildi.

GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşi Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Şeýle-de Geňeşe Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Moldowanyň Premýer-ministri Natalýa Gawrilisa, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy-ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar.

2022