Türkmenistanyň biržasynda $16 milliona golaý söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $16 milliona golaý söwda boldy
TDHÇMB-nyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergidäki diwarlygy, 2021-nji ýylyň 17-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 15 million 937 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň, hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewürlerine dürli kysymly awtoulaglar, float aýnasy, nah ýüplük hem-de bakja önümleri ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 1 million 800 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

2022