Tähranda Türkmenistanyň hem-de Eýranyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda ýakyn günlerde ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Gurbanowyň beren beýanatyna salgylanyp, Eýranyň ISNA agentligi duşenbe güni habar berdi.
Gurbanowyň belleýşi ýaly, hökümetara toparynyň eýran wekiliýetine Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Rostam Gasemi, türkmen tarapyna bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk eder.
Şeýle-de türkmen ilçisi şu ýyl Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýolbaşçylygyny kabul edendigini aýtdy.
YHG-na agza döwletleriniň Baştutanlarynyň ählisi noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabatda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek YHG-na agza döwletleriň Baştutanlarynyň 15-nji sammitine çagyryldy. Munuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini geçiriljek sammite çagyrdy diýip, Gurbanow nygtady.
Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 15-nji mejlisi 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirildi. Gepleşiklerde iki ýurduň wekilleri hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşiniň mümkinçiliklerine garadylar.
Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäginde Türkmenistan bilen Eýranyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar tebigy gaz meselesini çözmek barada ylalaşdylar.