Türkmenistanda 2023-nji ýylda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamy giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 2023-nji ýylda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamy giriziler
“Bir penjiräniň” maksady eksport we import edilýän ýükleriň söwda amallarynyň resmileşdirilmek tertibini ýeňilleşdirmekden ybarat.

Türkmenistanda öňümizdäki iki ýylyň dowamynda 2023-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän “Eksport-import amallary üçin bir penjire” taslamanyň synaglaryny geçirer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habara görä, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlangyjy esasynda giriziljek taslamany BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (ÝUNKTAD) bilelikde durmuşa geçirýär.

“Bir penjiräniň” maksady eksport we import edilýän ýükleriň söwda amallarynyň resmileşdirilmek tertibini ýeňilleşdirmekden ybarat. Bu taslama Türkmenistanda ASYСUDA utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça meýilnamanyň dowamydyr. Munyň sebäbi ASYСUDA ulgamy “Bir penjire” ulgamynyň esasydyr.

Habarda görä, portaly ulanyşa girizmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyny özgertmek boýunça teklipleri taýýarlamakda köp işler geçiriler, köp amallar täzeden serediler ýa-da ýatyrylar hem-de harytlaryň görnüşleri ulgamlaşdyrylar. Şeýle teklipleri taýýarlamakda esas bolup Türkmenistanyň “Elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakyndaky” kanuny hyzmat eder.

“Bir penjire” ulgamy “bir nokatdan” eksport we import amallarynyň resmileşdirilmek, şol sanda degişli şahadatnamalary, rugsatnamalary we ygtyýarnamalary almak ýaly ähli zerur bolan çäreleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýän portaldyr. Şol bir wagtyň özünde ýük baradaky maglumatlaryň we onuň zerur resminamalarynyň portala bir gezek girizilmegi ýetik. Bu portala gatnaşýan döwlet edaralaryň ýokary netijeliligini üpjün edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022