Türkmenistan Moskwada Owganystan boýunça geçirilen geňeşmelere gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Moskwada Owganystan boýunça geçirilen geňeşmelere gatnaşdy
Türkmen tarapy owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyklygyny belledi.

Russiýanyň paýtagtynda 10-dan gowrak döwletleriň wekiliýetleriniň we şol sanda owgan hökümetiniň gatnaşmagynda çarşenbe güni Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formatynyň mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Köptaraplaýyn dialogyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Owganystanda ynsanperwerlik çökgünliginiň öňüniň alynmagy, şeýle-de bu ýurtda hemmetaraplaýyn ösüş mümkinçilikleriniň üpjün edilmegi boýunça halkara bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Geňeşiň dowamynda Wepa Hajiýew şeýle formatda geçirilýän geňeşmeleriň owgan topragynda hem-de onuň çäginden daşarda durnuklylygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen täze çemeleşmeleriň we utgaşdyrylan çözgütleriň işlenilip düzülmegine itergi berýändigini belläp geçdi.

Bu ugurda, türkmen tarapy özara hereketleriň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, degişli pikirleriň alyşylmagy hem-de olar dogrusynda gaýragoýulmasyz netijeleriň kabul edilmegi üçin owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyklygyny belledi.

Şeýle-de, duşuşykda Owganystanyň üstünden geçýän energetika, ulag we senagat geçelgeleriniň amala aşyrylmagynda halkara guramalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň gatnaşmagy nukdaýnazaryndan, hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli çözgütleriniň kemala getirilmegine aýratyn üns berildi.

Wepa Hajiýew goňşy döwlet hökmünde Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine, bar bolan gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik usullarynyň ulanylmagy arkaly kadalaşdyrylmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden çykyşynda Owganystandaky ýagdaýlar ideologiki isleglerden, fobiýalardan we stereotiplerden azat çemeleşmäni talap edýändigini aýtdy.