Türkmenistan we Russiýa maýa goýum we önümçilik taslamalaryny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Russiýa maýa goýum we önümçilik taslamalaryny maslahatlaşdylar
VIII türkmen-russiýa ykdysady forumynyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Çarşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Iki döwletiň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu forum bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşyga rus tarapyndan Russiýanyň ministrlikleriniň, döwlet edaralarynyň, maliýe-bank düzümleriniň, sebitleriň söwda-senagat edaralarynyň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri wekilçilik etdiler.

Taraplaryň bellemegine görä, Russiýanyň iri senagat sebitleri we merkezleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolup durýar.

Forumyň işiniň dowamynda eksport hem-de maýa goýum kuwwatlyklaryny giňeltmegiň şertleri we onuň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň esasynda Türkmenistanyň we Russiýanyň täze şertlerde maýa goýum taslamalaryna, ykdysady gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary seljerildi.

Işewür duşuşygyň maksatnamasyna senagat we gurluşyk önümçiligi, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, obasenagat, enjamlaryň önümçiligi, dokma önümçiligi ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Iki ýurduň iri kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň wekilleri agzalan pudaklar boýunça özleriniň eksport mümkinçilikleri we import zerurlyklary bilen tanyşdyrdylar.

Duşuşygyň dowamynda Hazar sebitinde logistika merkez hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we gämigurluşyk pudagyna maýa goýum mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen baglanyşykly tekliplere aýratyn seredildi.

VIII türkmen-russiýa ykdysady forumynyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Şeýle-de, häzirki ykdysady forumy geçirmek üçin möhüm itergi bolup iki ýurduň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasyndaky öň geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň üstünlikli amala aşyran işleriniň hyzmat edendigi bellenilýär.

2022