Türkmenistan we HPG hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we HPG hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna seretdiler
Gepleşikde COVID-19 pandemiýasynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetine we maliýe pudagyna ýetirýän täsirine aýratyn üns berildi. (Surat: "ORIENT")

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we Halkara pul gaznasynyň (HPG) Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Jihad Azur penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleri geçirdiler.

“ORIENT” agentliginiň habar berşi ýaly, taraplar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna we türkmen ykdysadyýetiniň geljekki ösüşiniň çaklamalaryna garadylar. Gepleşige Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Merkezi bankynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Gepleşikde COVID-19 pandemiýasynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetine we maliýe pudagyna ýetirýän täsirine, şeýle hem dünýä energiýa bahalaryndaky garaşylmadyk üýtgeşmelere aýratyn üns berildi.

Azuryň bellemegine görä, HPG Türkmenistana tehniki goldawyny bermegini dowam etdirip, ýurdyň býujet we salgyt ulgamynyň kämilleşmegini ýardam eder.

Halkara pul gaznasy 1944-nji ýylda döredilip, oňa 190 ýurt agza bolup durýar. HPG ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar we durmuşa geçirilýän makroykdysady ähmiýetli özgertmeleri goldamak üçin tehniki kömegi berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022