Türkmenistan Osakoda geçiriljek “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Osakoda geçiriljek “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşar
Emeli döredilen Ýumesima adasy, Osaka, Ýaponiýa (Surat: "Kyodo News" agentligi)

Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda wise-premýer Çary Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu sergi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde emeli döredilen Ýumesima adasynda “Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda geçiriler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna degişli guramaçylyk komitetini döretmek hem-de “EKSPO — 2025”-iň guramaçylyk komiteti bilen bilelikde, zerur bolan taýýarlyk işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň jogapkär wekilini bellemek baradaky teklibi hödürledi.

Hasabaty diňläp, Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň “EKSPO – 2025” bütindünýä sergisine gatnaşmagy ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini görkezmekde, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýardam berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz halkara sergä taýýarlyk görmegiň çäklerinde anyk netijeleriň gazanylmalydygyna ünsi çekip, wise-premýere guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy we bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Türkmenistan häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “EKSPO-2020” bütindünýä sergisine gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynyň başynda Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) iş saparyny amala aşyrdy we Dubaý şäherinde geçirilen “EKSPO-2020” bütindünýä sergisiniň çäklerinde gurnalan Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

2022