Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamynyň birinji tapgyry işe giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamynyň birinji tapgyry işe giriziler
Halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň baş potratçysy «Türkmenenergogurluşyk» konsernidir.

Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal – Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermek boýunça taýýarlyk görülýär. Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, Wise-premýer, Ahal – Balkan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijini ýurdumyzyň energogurluşykçylary tarapyndan çekilendigini habar berdi. Täze elektrik geçirijiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli dabarany ýokary derejede guramak maksady bilen, çäreleriň degişli meýilnamasy düzüldi.

Şeýle-de Wise-premýer, hasabatynyň dowamynda bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, zerur enjamlaryň, serişdeleriň hem-de ulag tehnikalarynyň satyn alynandygyny belledi.

Çarymyrat Purçekow ýurdumyzyň iki welaýatyny baglanyşdyrýan ýokary woltly täze elektrik geçiriji içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, daşary ýurtlara eksporta ugradylýan elektrik energiýanyň mukdaryny hem artdyrmakda tehniki mümkinçilikleri döretjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli geçiriljek dabara ägirt uly taslamanyň birinji tapgyrynyň amala aşyrylandygyny alamatlandyrýar, şol taslamanyň esasy maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de welaýatlaryň we Aşgabadyň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmekden ybaratdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamynyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamanyň işleriniň gözegçiligini güýçlendirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň elektrik ulgamlaryny birleşdirjek halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň baş potratçysy «Türkmenenergogurluşyk» konsernidir. Türkmenistanyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşygyny 2023-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022