Oktýabr III hepde: eksport geleşikleri $62,4 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Oktýabr III hepde: eksport geleşikleri $62,4 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 62 million 433 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Maltanyň, Panamanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, binýatlyk ýagy, gurluşyk nebit bitumyny, polipropileni satyn aldylar. Tehniki kükürt Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, Russiýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň işewürlerine float aýnasy, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük önümleri ýerlenildi.

BAE-niň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 12 million 48 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 179 million 738 müň manatlykdan gowrak el haly işlerini, pagta süýümini, pagta lintini we plastik gaplary satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022