Türkmen Lideri Mirziýoýewi Özbegistanyň Prezident wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Mirziýoýewi Özbegistanyň Prezident wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde ony Özbegistanyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlag hem-de hoşniýetli sözleri üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça aýratyn ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistan doganlyk ýurdy Özbegistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha bermek bilen, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary strategik häsiýete eýe bolan hem-de häzirki döwürde sebitdäki we dünýädäki ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, özara hormat goýmak nukdaýnazaryndan ýola goýulýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, taraplar ägirt uly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki ýurduň Baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda döwletlerimiziň we halklarymyzyň bähbidine çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary duşenbe güni deslapky netijelerini yglan etdi. Netijelere görä, saýlawçylaryň 80% sesini gazanan ýurduň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bäş ýyl möhlet bilen wezipä saýlandy. Mirziýoýew 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlaryň esasynda ilkinji gezek Özbegistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy. Şol saýlawlarda Şawkat Mirziýoýew sesleriň 88,6%-den gowragyny gazandy.