Türkmen Lideri Magtymguly Pyragynyň seýilgähiniň gurluşygy bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Magtymguly Pyragynyň seýilgähiniň gurluşygy bilen tanyşdy
Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň tutýan umumy meýdany 13,5 gektar deňdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabadyň günorta künjegine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew bu ýerde bag nahallaryny oturtmak boýunça kesgitlenen ýer bölekleriniň, ekiljek bag nahallarynyň görnüşleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar hem-de çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şeýle hem milli Liderimiz ekiljek bag nahallarynyň paýtagtymyzyň günorta künjeginiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna üns çekdi.

Soňra wise-premýer Çarymyrat Purçekow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň baş meýilnamasy, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar, topluma gelýän ýoluň, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň taslamalary we çyzgylary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň hem-de onuň töwerekleriniň abadanlaşdyryş derejesine, bu ýerleriň gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülmegine ünsi çekip, paýtagtymyzyň bu künjeginiň arassaçylyk we ekologik ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak boýunça bäsleşigi yglan etmek barada anyk tabşyryklary berip, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen akyldar şahyryň hormatyna dikeldilýän toplumyň gurluşygynda hem-de onuň abadanlaşdyrylyşynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we täzeçil usullarynyň ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň tutýan umumy meýdany 13,5 gektar deňdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça onuň gurluşygyny 2022-nji ýylda doly tamamlap, ulanmaga bermeklik meýilleşdirilýär.

2022