Türkmen resmileri Kabulda TOPH gaz geçirijisi boýunça gepleşik geçirerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen resmileri Kabulda TOPH gaz geçirijisi boýunça gepleşik geçirerler
TOPH gaz geçirijisiniň üsti bilen akdyryljak gazyň 5%-niň Owganystana, galan mukdarynyň bolsa Pakistana we Hindistana iberilmegine garaşylýar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça gepleşik geçirmek maksady bilen Türkmen resmileri şu hepde Kabul şäherine sapar ederler. Bu barada Owgan hökümet agzasynyň beýanatyna salgylanyp, “Reuters” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TAPI gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kub metr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

Biz bu taslama ugrunda köp zähmet çekdik we Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlamagy sebäpli buýsanmaga taýýardyrys diýip, täze owgan hökümetiniň Magdanlar we nebit senagaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Muhammed Isa Ahundyň beýanatda aýtdy.

TOPH gaz geçirijisiniň owgan bölegi ýurduň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk sebitinden gözbaş alar we Hyrat şäheriniň üsti bilen Owganystanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Kandagar şäherine çenli uzar.

Türkmen resmileriniň Owganystana saparynyň öňüsyrasynda Ahund Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi bilen duşuşdy. Iki günlik sapar şenbe güni başlar.

TOPH gaz geçirijisiniň üsti bilen akdyryljak gazyň 5%-niň Owganystana, galan mukdarynyň bolsa Pakistana we Hindistana iberilmegine garaşylýar. Şeýle hem bu taslama tamamlanandan soňra, Owganystanyň gaznasyna diňe üstaşyr töleglerden ýüzlerçe million ABŞ dollary geler.