Owganystanyň goňşy döwletleriniň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň çarşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde ikinji duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplar Owganystanyň sebit ähmiýetli iri göwrümli ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky taslamalara işjeň çekilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu gepleşige Özbegistanyň, Pakistanyň, Eýranyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Russiýanyň hem-de Hytaýyň daşary işler ministrleri bolsa wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşine görä, diplomatlar Owganystanda milli toparlaryň ählisiniň gatnaşmagynda inklýuziw hökümetiniň döredilmeginde taraplaryň özara goldaw bermeklige gönükdirilen tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem, nobatdaky duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň hem-de bitewüligiň tizden-tiz berkarar bolmagy üçin degişli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, zerur şertleriň döredilmegine goňşy we bitarap döwlet hökmünde goldaw bermäge taýýardygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.
Russiýanyň paýtagtynda 10-dan gowrak döwletleriň wekiliýetleriniň we şol sanda owgan hökümetiniň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formatynyň mejlisi geçirilipdi.