Ösüp gelýän polipropilen bazary we polipropilene bolan islegiň artmagynyň sebäpleri

Nurmyrat Mommaýew
Ösüp gelýän polipropilen bazary we polipropilene bolan islegiň artmagynyň sebäpleri
Dünýäde iň köp ulanylýan çig malyň biri bolan polipropilene isleg barha artýar. (Surat: "Borealis")

Gysgaldylan ýazuwda PP diýlip has giňden tanalýan polipropilen, dürli polipropilen monomerleriň garyndysyndan emele gelen kristal termoplastikdir. Bu madda çydamlylygy we gatylygy bilen tapawutlanyp, maşyngurluşyk pudagy bilen bir hatarda dokma we azyk önümçiliginde giňden ulanylýar. Şeýle hem, polipropileniň daşarky faktorlara bolan çydamlylygy ony plastmassa önümçiliginde iň köp ulanylýan termoplastikanyň birine öwürýär.

Polipropileniň ulanylyş ugurlary dürli-dürlidir. Dünýäde iň köp ulanylýan çig malyň biri bolan polipropilene isleg barha artýar. Polipropilen esasan hem suw turbalaryny we ýyladyş enjamlaryny, awtoulag kapotlaryny we bamperlerini, arassalaýjy matalary we gubkalary, ýylylyk izolýasiýa halylaryny, dokma senagatynda neýlon matalaryny, haltany öndürmekde, şeýle-de polipropilen gaplaýyş, bulgur we gap-gaç, bag mebelleriniň, çagalar üçin pampersleriň önümçiliginde we goranyş pudagynda giňden ulanylýar.

Polipropilen bazarynyň ösmegi we polipropilene bolan islegiň artmagyna sebäp hökmünde aşakdaky faktorlary görkezmek bolar:

  • Ösüp gelýän gaplaýyş pudagy: “PlasticsEurope” söwda agentliginiň maglumatlaryna görä, gaplama pudagynda polipropileniň ulanylyşynyň artmagy sebäpli, 2019-njy ýyldan soňky döwürde umumy plastmassa önümçiliginiň esasy bölegini polipropilenden ýasalan gaplama önümleri tutýar. Bu önümler azyk gaplamalaryny, plastmassa gapaklary, turbalary, mikrotolkunlara garşy çydamly gaplary, süýji önümlerini, iýmit önümlerini gaplamak uçin niýetlenen gaplary öz içine alýar. Hindistanyň gaplama pudagynyň ýylda 26,7% ösmegi, azygy gaýtadan işleýän pudagyň we derman senagaty pudagynyň umumy senagat önümçiligindäki paýynyň degişlilikde 45% we 25% bolmagy polipropilen bazarynyň ösüşine täsir edýär.
  • Şeýle hem, sarp ediş önümleri üçin (mebel, oýunjak we beýleki gündelik ulanylýan harytlar) Anti Scratch goşundylaryň (çyzylmalara garşy goşundy serişdeleri) önümçiliginde-de polipropileniň ulanylyşy artdy. Anti Scratch goşundylary elektrik we elektron enjamlary korpuslarynyň önümçiliginde möhüm orun tutýar. Noutbuk we telefon jisimleri ýeňil materiallardan ýasalýar we olaryň daşky görnüşleriniň özüne çekiji bolmaklaryny gazanmak üçin ulanylýan Anti Scratch goşundylaryna hem umumy isleg ýokarlanýar.
  • Dokalmadyk polipropilen süýümine bolan islegiň ýokarlanmagy: Dokalmadyk polipropilen süýümine bolan islegiň ýokarlanmagy polipropilen bazarynyň ösmegine itergi berýär. Sebäbi şeýle polipropilen süyümi daşary serilýän ýer halylaryň, abzallaşdyrylan mebelleriň, ýorganlardyr düşekleriň önümçiliginde ulanylýar.

Polipropilen çig malynyň ulanylmagynyň birnäçe artykmaçlyklary bar:

  • Suw geçirmezlik aýratynlygy polipropileniň iň möhüm artykmaçlarynyň biridir. Bu ýokary hilli çig mal senagat we lukmançylyk pudaklarynda hem giňden ulanylýar.
  • Kömelek (mikoz), bakteriýa ýaly biologiki şertlere çydamlylyk.
  • Polipropileniň elektrik toguna garşy ýokary derejede çydamlylygy onuň elektrik düzüm böleklerini öndürmek üçin amatly bolmagyny üpjün edýär.
  • Polipropilen, PET, PS, LDPE ýaly beýleki termoplastiki serişdeler bilen deňeşdirilende has arzandyr.
  • PP galyndylary gaýtadan ulanylýar, bu hem onuň arzan bahadan, daşky gurşawa zyýan bermezden gaýtadan işlenmegi üçin mümkinçilik döredýär.

Polipropilen bazary barada geçirilen seljermelerde ýüze çykan çaklamalar dürli-dürli bolsa-da, umuman bu bazaryň kem-kemden ösmegine garaşylýar. Pandemiýadan öň 2018-nji ýylda ‘’Polaris Research’’ analitika agentligi tarapyndan geçirilen seljermelere görä, dünýädäki polipropilen bazary 2026-njy ýyla çenli 120,11 milliard ABŞ dollaryna ýeter. Şeýle-de bolsa, COVID-19 pandemiýasynyň ilkinji günlerinde önümçilik desgalarynyň köpüsiniň işiniň togtadylmagy netijesinde plastmassa bolan isleg azaldy. Bu ýagdaý polipropilen bazaryna ýaramaz täsir etdi. “P&S Intelligence” analitika kompaniyasynyň çaklamalaryna görä bolsa, polipropilen bazary 2030-njy ýyla çenli 165,6 milliard ABŞ dollaryna barabar bolar.

Polipropilene bolan islegiň artmagy netijesinde hökümetler polipropilen desgalaryna maýa goýmagy dowam etdirýärler. Mysal üçin, Türkiýe 1 milliard 700 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýmak bilen belli bir derejede öz isleglerini kanagatlandyrjak we importy azaldyp biljek polipropilen zawodynyň düýbüni tutdy. Bulardan başga-da, Türkmenistanda senagat pudagyny ösdürmek üçin polipropileniň önümçiligini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, täze enjamlary we önümçilik desgalaryny işe girizmek meýilnamasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan beýan edildi. Bu ýagdaýda Türkmenistan beýleki sebitleriň, esasanam ösýän Aziýa bazarynyň isleglerini kanagatlandyrýan möhüm polipropilen eksport edijisine öwrüler. Polipropilen satuwlary Türkmenistanyň Döwlet haryt- çig mal biržasynda amala aşyrylan geleşiklerde möhüm orny eýeleýär.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022