“Akat market” onlaýn derman satuw hyzmatyny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Akat market” onlaýn derman satuw hyzmatyny hödürleýär
“Dermanhanada” ýokary hilli derman serişdeleri hödürlenýär.

“Akat market” onlaýn dükanynyň söwda platformasynda täze “Dermanhana” hyzmaty ýola goýuldy. Platformada birnäçe derman görnüşleri bolup, ol müşderilere öz oturan ýerlerinden gerek bolan derman serişdelerini sargyt etmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň wekiliniň penşenbe güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, saýtdaky amatly gözleg müşderilere bejergi üçin zerur bolan derman serişdesini dogry saýlamaga, bahasy hem-de meşhurlygy boýunça maglumatlar bilen tanyşmaga ýardam eder.

Söwda platformasynyň wekiliniň nygtaýşy ýaly, “Dermanhanada” ýokary hilli derman serişdeleri hödürlenip, ol ýerde yzygiderli amatly arzanladyşlaryň we mahabat çäreleriniň  geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 “Akat market” dermanhanasynyň esasy artykmaçlyklary şulardan ybaratdyr:

  • derman serişdeleriniň dürli görnüşleri - 5 müňden gowrak derman;
  • gymmat bahaly derman serişdeleriniň amatly bahadan goýlan jenerikleri;
  • gije-gündiz islendik wagty onlaýn sargyt etmek mümkinçiligi;
  • şäheriň islendik nokadyna gysga wagtda eltip berme hyzmaty;
  • saýtda teswir (syn- отзыв) goýmak mümkinçiligi.

“Akat market” platformasynda dermanlardan başga-da, köp sanly elektronika, hojalyk harytlary, awtoulaglar üçin önümler, gözellik we saglyk, gurluşyk hem-de abatlaýyş ýaly birnäçe harytlar bardyr.