Aşgabatda geçiriljek YHG-nyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda geçiriljek YHG-nyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy
Duşuşygyň dowamynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi we esasy ugurlary barada pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Noziriniň arasynda penşenbe güni duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar 28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek YHG-nyň XV sammitine taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, Aşgabada ilkinji gezek gelen Baş sekretar döwlet Baştutanymyza ýurdumyza gelmäge çakylyk üçin hoşallyk bildirip, YHG-nyň işjeň agzasy we şu ýylky başlygy hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hem öz gezeginde, YHG bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Şeýle-de Milli Liderimiz bu gurama bilen bilelikde işlemekde uly tejribäniň  toplanandygyny belläp, Türkmenistan bu gurama agza ýurtlar bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýändigini aýdyp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň YHG-na häzirki başlyklyk etmegi hem-de degişli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi babatda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi we esasy ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. Guramanyň XV sammitine taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, YHG agza döwletleriň ägirt uly kuwwaty söwda-ykdysady ulgamda, senagat pudagynda, innowasiýalary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda, maýa goýumlar ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin döwletara ykdysady guramadyr. Türkmenistan 1992-nji ýylda YHG-nyň agzasy boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022