Türkmenistana Hazar deňzinde birleşdiriji gaz geçirijisini gurmak teklip edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana Hazar deňzinde birleşdiriji gaz geçirijisini gurmak teklip edildi
Bu taslama Transhazar gaz geçiriji taslamasyndan has az maýa goýumyny öz içine alýar.

“Trans Caspian Resources” ABŞ-nyň kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen bölegindäki meýdanyndan Azerbaýjanyň bar bolan energiýa infrastrukturasyna tebigy gaz ibermek üçin gaz geçirijisini, ýagny “Caspian Connector” (Hazar birleşdiriji) taslamasyny durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy we öň ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde işlän Allan Mastard penşenbe güni geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahatyň dowamynda bu teklibi hödürledi.

Biz Transhazar geçirijisi boýunça uly bolmadyk taslama teklip edýäris diýip, Allan Mastard bu taslamanyň deňziň türkmen bölegindäki meýdanyndan Azerbaýjanyň energiýa transport infrastrukturasy bilen orta kuwwatly gaz geçiriji arkaly baglanyşdyrmagy göz öňünde tutýandygyny belläp geçdi.

Mastardyň aýtmagyna görä, bar bolan infrastrukturanyň mümkinçiligini artdyrjak bu taslama Transhazar gaz geçiriji taslamasyndan has az maýa goýumyny öz içine alýar. “Caspian Connector” taslamasy häzirki wagtda 500-800 million ABŞ dollary möçberinde çak edilýär.

Maýa goýumçylaryň adaty energiýa taslamalaryna bolan gyzyklanmasynyň azalýandygyny belläp, kompaniýanyň ýolbaşçysy olaryň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine has köp üns berýändiklerini aýtdy. Şeýle hem, ol geçiş ýangyjy hökmünde tebigy gazyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

“Trans Caspian Resources” kompaniýasynyň ýolbaşçysy “Caspian Connector”-yň 24 aýdan soň ýyllyk 10-12 milliard kub metr tebigy gazyň eksport edilmegini kepillendirip biljek gaty ýönekeý taslamadygyny nygtap geçdi.

“Trans Caspian Resources” kompaniýasy Hazar deňziniň günbatar tarapynda Türkmenistanyň tebigy gazyny eksport etmäge mümkinçilik berýän turbalary durmuşa geçirmegi bahalandyrmagy öz içine almak bilen, Günbatara Türkmenistanyň energiýa eksportyny aňsatlaşdyrmagy göz öňünde tutýan ABŞ-nyň kompaniýasydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022