Türkmenistanyň baş diplomaty Kabula sapar edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň baş diplomaty Kabula sapar edýär
Kabul halkara howa menzilinde Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetini täze owgan hökümetiniň ýokary derejeli resmileri garşylady. (Surat: Owgan hökümetiniň metbugat sekretarynyň orunbasary Bilal Kariminiň Twitter sahypasy)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow täze owgan hökümeti bilen gepleşik geçirmek maksady bilen şenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabul şäherine geldi.

Kabul halkara howa menzilinde Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetini Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýeirijisi Amir Han Muttaki we owgan hökümetiniň metbugat sekretary Zabihulla Mujahid garşylady. Bu barada owgan hökümetiniň metbugat sekretarynyň orunbasary Bilal Karimi özüniň Twitter sahypasynda habar berdi.

Kariminiň sözlerine görä, ýokary derejeli türkmen diplomaty Muttaki bilen gepleşik geçirdi.

Täze owgan hökümetiniň Magdanlar we nebit senagaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Muhammed Isa Ahund we Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow şu hepdäniň başynda geçirilen duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça gepleşik geçirmek üçin türkmen resmileriniň Owganystana saparyny ara alyp maslahatlaşypdylar.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kub metr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

TOPH gaz geçirijisiniň owgan bölegi ýurduň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk sebitinden gözbaş alar we Hyrat şäheriniň üsti bilen Owganystanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Kandagar şäherine çenli uzar.