Oktýabr IV hepde: eksport geleşikleri $3 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Oktýabr IV hepde: eksport geleşikleri $3 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçilere nah ýüplügi we float aýnasy ýerlenildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 3 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçileri pagta ýüplügini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gazagystanyň işewürlerine float aýnasy ýerlenildi.

Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine jemi bahasy 16 million 775 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

2022