Türkmen kompaniýasy 200 tonna pomidory Gazagystana we Gyrgyzystana eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy 200 tonna pomidory Gazagystana we Gyrgyzystana eksport etdi
''Ýigit'' kompaniýasy pomidoryň “Marwelans”, “Altes”, “Merlis” we beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdirýär.

''Ýigit'' hojalyk jemgyýeti golaýda 200 tonna pomidor hasylyny “Mahmal” haryt nyşany bilen Gazagystana we Gyrgyzystana eksport etdi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän 34 gektar ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilen pomidorlaryň ''Marwelans'' sorty eksport edildi.

“Marwelans” sortyndan başga-da, bu ýerde “Altes”, “Merlis” we beýleki görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhana toplumynyň aýratyn böleginde pomidoryň ýene 11 görnüşi barlagdan geçýär.

Toplum “Siemens” we “Grundfos” ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýyladyşhanada ösümlikleriň we nahallaryň kadaly ösmegi üçin zerur bolan çyglylyk, temperatura şertleri, emeli yşyklandyryş, howa çalşygy ulgamy ýaly ähli mümkinçilikler bardyr.

''Ýigit'' hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhana toplumy 2019-njy ýylyň fewral aýynda işe girizildi. Ol ýerde 500 hünärmen zähmet çekýär.

Häzirki wagtda türkmen kompaniýalaryna degişli bolan 100-den gowrak ýyladyşhana bolup, olaryň umumy meýdany 450 gektara barabardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022