Aşgabat Owganystanyň hökümetini Türkmenistana sapara çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat Owganystanyň hökümetini Türkmenistana sapara çagyrdy
Kabuldaky saparyň çäklerinde, türkmen wekiliýeti Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Türkmen tarapy Owganystanyň hökümet wekiliýetini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygyny beýan etdi. Bu barada 30-31-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň Kabul şäherine amala aşyrylan iş saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda habar berildi. 

Kabuldaky saparyň çäklerinde, Raşid Meredow Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, türkmen diplomaty Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşdy. 

Ministr türkmen tarapynyň Owganystanyň täze döwlet edaralary bilen konstruktiw dialoga we ysnyşykly işleşmäge taýýardygyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine, bar bolan gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly kadalaşdyrylmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar derwaýys ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň depgininiň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler. Bu ugurda iki ýurduň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenistandan Owganystanyň birnäçe welaýatlaryna demir ýollaryň gurluşygynyň has hem ilerledilmegine taýýardyklary beýan edildi.

Wise-premýer Raşid Meredowyň hem-de Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafiniň ýolbaşçylygynda geçirilen ykdysady meseleler boýunça duşuşyga Owganystanyň Ykdysadyýet, Maliýe, Jemgyýetçilik işleri, Dag we magdan, Energetika we suw serişdeleri, Aragatnaşyk, Senagat we söwda, Maglumat we medeniýet boýunça ministrleri, şeýle-de “Da Afghanistan Brishna Sherkat” kompaniýasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň syýasy-ykdysady ulgamdaky özara hereketleriniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan hem, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depgininiň işjeňleşdirilmegi, olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, şeýle-de dürli derejelerdäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy arkaly iki ýurduň resmi we işewürlik düzümleriniň özara hereketleriniň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Muttaki bilen geçirilen gepleşikleriniň barşynda syýasy-diplomatik hem-de ynsanperwerlik ulgamyndaky ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşyldy. Türkmen tarapy Owganystanyň hökümet wekiliýetini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygyny beýan etdi.

Raşid Meredowyň hem-de Molla Muhammad Ýakubyň ýolbaşçylygynda geçirilen howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-owgan duşuşygyna Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde Owganystanyň goranmak, içeri işler ministrleri, milli howpsuzlyk hem-de serhet müdirlikleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda serhetýaka özara hereketleriniň giňeldilmegi bilen, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegi we has hem pugtalandyrylmagy ugrundaky tagallalaryň dowam edilmeginiň zerurlygy bellenilip geçildi. Şunlukda, owgan tarapy umumy dostlukly serhediň, şol sanda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň ählisiniň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigini beýan etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022