Türkmenistan Özbegistana 33 müň tonna sement eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Özbegistana 33 müň tonna sement eksport etdi
Bäherden sement zawody, Türkmenistan

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistana 33 müň tonna sement ugradyp, ol Özbegistana bu çig maly eksport edýän esasy ýurtlaryň hataryna girdi.

“UzDaily.uz” saýtynda penşenbe güni habar berlişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda Özbegistan 2 million 200 müň tonna sement import etdi. Onuň umumy bahasy 105 million 200 müň ABŞ dollaryna barabardyr.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistandan başga Özbegistan sementy esasan Gazagystandan (964 müň tonna), Täjigistandan (560 müň tonna), Gyrgyzystandan (547 müň tonna) we Eýrandan (49 müň tonna) import etdi.

Özbegistanyň 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 491 million 400 müň ABŞ dollaryna ýetdi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22.1% ýokarlandy.

Şu ýylyň dokuz aýynda Özbegistan 354 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen önümlerini import etdi. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň Türkmenistana eksporty 136 million 900 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

2022