Türkmenistan we Gyrgyzystan bilelikdäki gaznany döretmek meselesine seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gyrgyzystan bilelikdäki gaznany döretmek meselesine seretdiler
Duşuşykda iki ýurdyň arasyndaky ulag-logistika we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. (Surat: Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy)

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow bilen anna güni Bişkek şäherinde duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilelikdäki Gyrgyz-türkmen gaznasyny döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar özara söwdany ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri görkezen Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda görkezijileriň ösüşine kanagatlanma bildirdiler.  

Energetika hyzmatdaşlygynyň çäginde Akylbek Žaparow türkmen tarapynyň Gyrgyzystana iberýän elektrik energiýasynynyň, şeýle hem geljekde türkmen tebigy gazynyň iberilmeginiň ähmiýetini belledi.

Mundan başga-da, duşuşykda iki ýurdyň arasyndaky ulag-logistika we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjowyň arasyndaky duşuşyk “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ilkinji ykdysady forumynyň çäginde geçirildi.