Noýabr I hepde: eksport geleşikleri $39,4 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Noýabr I hepde: eksport geleşikleri $39,4 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçilere polipropilen, uçar kerosini we dizel ýangyjy ýerlenildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 39 million 474 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň we Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekillerine jins matalary, nah ýüplük we float aýnasy ýerlenildi.

Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Gazagystanyň işewürleri jemi bahasy 21 million 525 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 408 müň manatdan gowrak bolan nebit bitumyny hem-de el haly işlerini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy.