Türkmen energiýa serişdeleriniň Özbegistandan üstaşyr geçirilmegi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen energiýa serişdeleriniň Özbegistandan üstaşyr geçirilmegi maslahatlaşyldy
Gygyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparowyň Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşygy, Bişkek (Surat: Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy)

Bişkekde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ilkinji ykdysady forumynyň çäginde, anna güni Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparowyň Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň resmileri türkmen elektroenergiýasynyň we tebigy gazynyň Özbegistanyň üsti bilen Gyrgyzystana ugradylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, olardan başga-da duşuşykda taraplar Özbegistandan elektrik energiýasyny almak, şeýle hem “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demir ýolunyň, “Irkeştam-Darot-Korgon-Kyzyl-Kiýa” awtoulag ýolunyň, Gyzyl-Kiýa şäherindäki söwda we logistika merkeziniň hem-de Kambar-Ata gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygy barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, duşuşykda oba hojalygy we senagat pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Awgust aýynyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow we Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministri Doskul Bekmurzaýew Türkmenistandan Gyrgyzystana 501 million 900 müň kWt-sagat elektrik energiýasyny ugratmak boýunça şertnama baglaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystana şertnamada göz öňünde tutulan elektrik energiýasynyň 60%-den gowragyny, ýagny, 305 million 800 müň kWt-sagat elektrik energiýasyny eksport etdi.

2022