Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň Tähranda şenbe güni Eýranyň gümrük gullugynyň jogapkär wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda taraplar “e-TIR” taslamasyna gatnaşyjylary artdyrmak arkaly awtoulagly ýük daşama ulgamyny sanlylaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da, hyzmatlaryň arasynda deslapky maglumat we gadagan harytlaryň sanawynyň alyş-çalşygy, tiz zaýalanýan harytlaryň ugradylmagyny tizleşdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu duşuşykda bilelikdäki gümrük gözegçiligi üçin ýeke gümrük postunyň döredilmegi barada pikir alyşylyp, “e-TIR” ulgamyny ornaşdyrmak mümkinçiligine garaldy.
Bellenilişi ýaly, “e-TIR” ýük daşama işinde kagyz resminamanyň bolmazlygy gümrük edaralarynyň hem-de ýük daşaýjylaryň işini ýeňilleşdirer, amal çykdajylaryny azaldar, häzirki wagt tertibinde işleýän ygtybarly halkara elektron maglumat bazasynyň hasabyna ýük daşama işi tizleşdiriler.
Şeýle hem, “e-TIR” ulgamynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulanylmagy döwlet serhetlerinden geçmek işini sadalaşdyrmaga, daşama wagtyny we daşaýjylaryň çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berer.