Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda uçar ýangyjynyň 54 mün 900 tonnasyny Gruziýa eksport edip, ol kawkaz ýurdyna esasy ýangyç iberiji boldy. Bu barada Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijileriniň birleşmesine salgylanyp, Azerbaýjanyň “Report” agentligi duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň on aýynda Gruziýa 73,5 müň tonna uçar ýangyjyny import etdi. Şeýlelikde, önümiň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 54,7% ýokarlandy.
Degişli döwürde Gruziýa uçar ýangyjyny eksport etmek boýunça Azerbaýjan ikinji orny (12 müň tonna), Italiýa bolsa üçünji orny (10 müň 500 tonna) eýelediler.
Birleşmäniň bellemegine görä, Gruziýada uçar ýangyjynyň importynyň ep-esli ýokarlanmagyna howa gatnawlarynyň dikeldilmegi sebäp boldy. Bu ösüş ýakyn aýlarda dowam eder diýlip çaklanylýar.
Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda benziniň we dizel ýangyjynyň 122,6 müň tonnasyny Gruziýa eksport etdi. Bu görkeziji Gruziýanyň benzin we dizel ýangyjynyň importynyň umumy möçberiniň 23%-ni düzdi.