Türkmen Lideri we Awstriýanyň baş diplomaty hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabada sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhartyny kabul etdi. Duşuşykda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar Awstriýanyň we tutuş Ýewropa işewürliginiň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazarynda olaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga çalyşýandygyny nygtadylar. Bu babatda senagat, energetika, ulag we ykdysadyýetiň beýleki ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary diýip bellenildi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Awstriýanyň federal ministri syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geňeşmeleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy, sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge tagallalary birleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhart döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhart sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşyk geçirdi.

2022