Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Türki geňeşe agza bolmak çözgüdini düşündirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Türki geňeşe agza bolmak çözgüdini düşündirdi
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy hökmünde gatnaşmagynyň bu guramanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda alyp barýan işlerine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň "TRT World" teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erime sişenbe güni beren interwýusynda Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine (Türki geňeşe) synçy hökmünde goşulmagyna ýurduň bu geňeşiň mejlislerine ýokary derejede işjeň gatnaşmagy hem-de türki dilli ýurtlaryň ählisi bilen dürli ugurlarda bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ýaly ýagdaýlar sebäp bolandygyny belledi.

“Ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmagy baradaky çözgüdi kabul etmäge sebäp bolan ýagdaýlar barada aýdanymyzda, Türkmenistan bu geňeşiň mejlislerine hemişe ýokary derejede işjeň gatnaşyp gelýär. Şunuň bilen birlikde Türkmenistan türki dilli ýurtlaryň ählisi bilen dürli ugurlarda dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýär. Şoňa görä-de, biz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmak baradaky çözgüdi kabul etdik” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy hökmünde gatnaşmagynyň bu guramanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda alyp barýan işlerine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Mundan başga-da, interwýunyň dowamynda ýakyn wagtlarda Azerbaýjan- Türkmenistan-Türkiýe üçtaraplaýyn sammitiniň geçiriljekdigi barada bellenildi. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlaryň söwda we ykdysady gatnaşyklarynyň özara bähbitli hem-de deňhukukly esasda yzygiderli ösýändigini aýtdy.

“Gürrüň, ilkinji nobatda, energetika, ulag, aragatnaşyk ýaly strategik ugurlar barada barýar. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Gündogar – Günbatar ugry boýunça ygtybarly ulag we energetika köprüsiniň emele gelmeginde öňdebaryjy orun eýeleýändigine ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz bu duşuşyk üç döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň kämilleşmegine we onuň täze ugurlarynyň açylmagyna ýardam berjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti we «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory interwýuda energetika, ulag we söwda ugurlar boýunça ähmiýetli taslamalar barada hem pikir alyşdylar. Bu taslamalaryň arasynda Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi, Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky Serhetabat – Turgundy ugry boýunça demir ýol şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistandan Hytaýa barýan gaz geçirijiniň dördünji şahasy we Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ugry boýunça ulag ýoly ýaly taslamalar atlandyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022