Balkan welaýatynda çarşenbe güni dabaraly ýagdaýda saglygy goraýyş ulgamyna degişli iki sany desganyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, dabaralara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Balkan welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenbaşy şäherindäki täze ýokanç keseller hassahanasy halkara ülňülerine laýyklykda guruldy we enjamlaşdyryldy. Ol 12 sany ýöriteleşdirilen bölümi öz içine alyp, Aziýada we Ýewropada öňdebaryjy dünýä belli kompaniýalaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.
Şeýlelikde, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen hassahananyň işgärleri ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirip bilerler. Dabaranyň dowamynda hassahana täze gulluk awtoulaglary berildi.
Magtymguly etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen lukmançylyk desgasy saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetirdi. Bu desga 50 näsagy stasionar usulda hem-de 30 näsagy ambulatoriýa usulynda bejermäge niýetlenen täze hassahanadyr.
Habarda bellenilişi ýaly, iki gatly binalar toplumyndan ybarat bolan bu hassahana dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri üçin ähli şertler döredildi.
Täze desgalaryň açylmagy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabat geldi.