Türkmenistanyň baş diplomaty Türki geňeşiň ministrler ýygnagyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň baş diplomaty Türki geňeşiň ministrler ýygnagyna gatnaşdy
Duşuşygyň dowamynda Döwlet baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli sammitiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde penşenbe güni Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) Daşary işler ministrleriniň sekizinji mejlisi geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda Döwlet baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli sammitiniň wajyp meseleleri, şeýle-de türki dilli döwletleriň bileleşiginiň ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öz çykyşynda R.Meredow Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy döwlet bolmagy babatdaky başlangyjynyň goldanylmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini beýan etdi.

Ministr Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň, önjeýli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen köpugurly resminamalaryň işlenilip düzülmeginiň maksadalaýyklygyny belledi.

Bu ugurda ykdysadyýet, senagat, energetika, ulag we ekologiýa ugurlaryndaky işjeň gatnaşyklar Türki dilli döwletleriň bileleşiginiň toplumlaýyn mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça strategiki wezipeleriň biri hökmünde öňe çykaryldy.

Mundan başga-da, Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň ugurlarynyň giňeldilmegi hem teklip edildi.

Şeýle-de saparyň çäklerinde şol gün Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şonuň ýaly-da halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine seredip geçdiler.

2022