Türkmen Lideri Türki geňeşiň sammitiniň çäginde gyrgyz Prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Türki geňeşiň sammitiniň çäginde gyrgyz Prezidenti bilen duşuşdy
Duşuşykda döwlet Baştutanlary söwda we ykdysady gatnaşyklar, şeýle hem energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: Gyrgyzystanyň Prezidentiniň resmi saýty)

Türkiýäniň Stambul şäherinde anna güni Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) döwlet Baştutanlarynyň sekizinji sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşykda döwlet Baştutanlary söwda we ykdysady gatnaşyklar, şeýle hem energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezident Sadyr Žaparow şu ýyl gyrgyz-türkmen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň görnetin güýçlenýändigini belläp, ýokary derejede geçirilen ýygnaklarda gazanylan ylalaşyklaryň wagtynda ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň Baştutany söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, iki döwletiň arasyndaky söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly meselelerine aýratyn üns berdi we özara söwdany ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi. Şeýle hem, Gyrgyzystanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we ösdürmek üçin ähli çäreleri görmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem öz gezeginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösýändigini belläp, Gyrgyzystan bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde gatnaşyklary ýokarlandyrmaga gyzyklanma bildirdi.

Iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti we Gyrgyzystanyň Prezidenti iki ýurdyň arasynda ýangyç-energetika pudagy boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi ylalaşdylar we degişli düzümlere Türkmenistandan tebigy gazy, elektrik energiýasyny, şeýle hem suwuklandyrylan gazy Gyrgyzystana ibermek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrypdylar. Ylalaşylan şertnamalaryň çäginde Türkmenistan 2021-nji ýylyň ahyryna çenli Gyrgyzystany 501 million 900 müň kWt elektrik energiýasy bilen üpjün eder.

2022