Türkmen-gazak ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-gazak ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Gazagystanyň logistika kompaniýalarynyň wekilleri üstaşyr ýükleri barada maglumat alyşmakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi teklip etdiler.

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow anna güni Gazagystanyň öňdebaryjy logistika kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Onuň barşynda ulag we logistika pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, gazak tarapyndan duşuşyga “Astyk Trans” paýdarlar jemgyýetiniň, “Iskomtrans”, “Semurg Invest”, “KTZ Express JSC”, “Multimodal Kompaniýa”, “TransLogistic Group” ýaly kompaniýalaryň, şeýle hem Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen diplomaty duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň ulag logistika pudagyndaky soňky üstünlikleri, şol sanda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Aşgabat-Tejen böleginiň işe girizilendigi barada habar berdi. Şeýle hem, diplomat “Türkmenbaşy” halkara portunyň, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary” we “Türkmenhowaýollary” agentlikleriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

Gazagystanyň logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem öz gezeginde üstaşyr ýükleri barada maglumat alyşmakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi teklip edip, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň dowamynda türkmen-gazak gepleşikleri geçirilip, birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

2022