Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyndaky lukmançylyk desgalarynyň gurluşygy bilen tanyşdy

BUSINESS TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyndaky lukmançylyk desgalarynyň gurluşygy bilen tanyşdy
Milli Liderimize köpugurly hassahananyň ähli düzümleri barada maglumat berýän çyzgylar, taslamalar görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Türkmenbaşy şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşygy bilen tanyşdy we bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Sapardurdy Toýlyýewiň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowyň haýyşy boýunça ýurdumyzyň günbatar welaýatyna sapar etdi.

Ýedi gatdan ybarat bolan köpugurly hassahananyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine gelenden soň, Milli Liderimize lukmançylyk toplumynyň köp sanly ýöriteleşdirilen bölümleri, ähli düzümleri barada maglumat berýän çyzgylar, taslamalar görkezildi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze gurulýan hassahanada kabul ediş, “Tiz kömek” bölümleri, fizioterapiýa, stomatologiýa, gemodializ, himiýa terapiýasy otaglary bolup, olarda dürli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýlar.

Bu ýerde pediatriýa, ginekologiýa, neýrotrawmatologiýa, hirurgiýa, urologiýa, onkologiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Hassahanada dogrum bölümi hem-de 200 orunlyk maslahatlar zaly bolar. Täze lukmançylyk toplumy ýokary halkara ölçeglere laýyklykda enjamlaşdyrylýar.

Mundan başga-da, lukmançylyk toplumynyň düzüminde aýratyn iki gatly bina bolup, onda merkezleşdirilen barlaghana, funksional we şöhle arkaly anyklaýyş, gan gaznasy bölümleri ýerleşer.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde käbir wise-premýerleriň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysynyň, saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Balkan welaýatynda geçen hepde dabaraly ýagdaýda saglygy goraýyş ulgamyna degişli iki sany desganyň – Türkmenbaşy şäherindäki täze ýokanç keseller hassahanasynyň hem-de Magtymguly etrabyndaky köpugurly lukmançylyk desgasynyň açylyş dabarasy geçirildi.