Geçen hepdäniň 10-12-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow Italiýanyň Weneto sebitine sapar amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ilçi sebitiň häkimi Luka Zaýa bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Ahal welaýaty bilen Weneto sebitiniň arasyndaky täjirçilik we söwda gatnaşyklary, medeni alyş-çalyş hem-de dürli bilelikdäki çärelerdir, konferensiýalar babatynda gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdylar.
Türkmen ilçihanasynyň ýaýradan metbugat beýanatyna görä, taraplar dokma senagatynda, oba hojalyk toplumynda we Italiýanyň tehnologiýalaryny ulanyp senagat kärhanalaryny döretmekde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda özara gyzyklanmalaryny bellediler.
Mundan başga-da, Wenetoda amala aşyrylan saparyň çäginde türkmen wekiliýeti “Ka-Foskari” uniwersitetiniň, “Kwerini Stampalýa” gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we “Fiýerakawalli” atly halkara at sergisine gatnaşdy.
Şeýle hem, türkmen wekiliýeti Weneto sebitiniň Italiýa senagaty umumy konfederasiýasynyň “Konfindustriýa” birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan kabul edildi. Wenesiýanyň we Winçenzanyň “Konfindustriýa”, Padua we Trewizo telekeçiler birleşiginiň, şeýle hem sebitde ýerleşýän dürli italýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda gysga çykyşlar guraldy.
Weneto Italiýanyň iň köp syýahat edilýän we ýokary derejede ösen sebitleriniň biri hasaplanýar. Senagat, dokma we oba hojalygy pudaklary Wenetony Italiýanyň iri ykdysady sebitine öwürdi we bu pudaklarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirilyär.