Aşgabatda YHG agza ýurtlaryň IV işewürlik forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda YHG agza ýurtlaryň IV işewürlik forumy geçiriler
Ýakyn wagtda geçiriljek işewürlik forumy işewür gatnaşyklary giňeltmäge we özara peýdaly taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny toplamaga gönükdiriler.

Aşgabatda 26-njy noýabrda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň IV işewürlik forumy geçiriler. Çäre Türkmenistanyň we YHG-nyň söwda-senagat edaralary we guramanyň sekretariaty tarapyndan gurnalar.

YHG-nyň metbugat gullugynyň habaryna görä, forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Gurama goşulany bäri soňky 30 ýylda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle hem söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma platformasyny döretmekden ybarat bolar.

Mundan başga-da, ýakyn wagtda geçiriljek işewürlik forumy işewür gatnaşyklary giňeltmäge, özara peýdaly taslamalary durmuşa geçirmäge maýa goýumlaryny toplamaga, söwda, ykdysady we ulag hem-de logistika ugurlarynda hyzmatdaşlyga gönükdiriler.

Foruma söwda we senagat edaralarynyň, YHG agza ýurtlaryň, ýöriteleşdirilen guramalaryň we hususy kompaniýalaryň, şeýle hem döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

YHG agza ýurtlaryň IV işewür forumynyň netijelerinden soň, YHG-nyň agza döwletleriniň işewür toparlary bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy meýilleşdirilýär.