Türkmenistan BSGG-a sebitleýin epidemiologiýa merkeziniň döredilmegini teklip edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BSGG-a sebitleýin epidemiologiýa merkeziniň döredilmegini teklip edýär
Türkmenistan – BSGG hyzmatdaşlygynyň Ýol kartasynyň taslamasy boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatda duşenbe güni Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Sebitleýin direktory hanym Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygynda türkmen tarapynyň başlangyçlarynyň birnäçesi boýunça teklipler bilen çykyş etdi.

Türkmen tarapy Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit merkezini döretmek, şeýle-de Türkmenistanda Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa ylmy-önümçilik merkezini gurmak boýunça başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Taraplar esasan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler.

Türkmenistan – BSGG hyzmatdaşlygynyň Ýol kartasynyň taslamasy boýunça pikir alşyldy. Bilelikdäki ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny ýygjamlaşdyrmak maksady bilen, ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli gurnalmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, sebitleýin direktor Hans Klýugeniň Epidemiologiýa boýunça sebit merkeziniň taslamasynyň meýilleşdirilmeginde we ilerledilmeginde “Bitewi saglygy goraýyş” konsepsiýasyny ulanmak, şeýle-de milli saglygy goraýyşyň başlangyç ulgamynyň işini kämilleşdirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maglumat binýadyny we “sanly lukmançylygy” ösdürmek baradaky teklipleri babatda hem pikir alşyldy.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda Raşid Meredow BSGG-nyň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu saparynyň Türkmenistanyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Raşid Meredowyň BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory Hans Klýuge bilen şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Aşgabatda duşuşygy geçirilipdi. Onuň dowamynda Türkmenistan BSGG bilen hyzmatdaşlygyny hasda ösdürmegi we berkitmegi maksat edinýändigi bellenildi.