Türkmen Lideri Seuldaky forumda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Seuldaky forumda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu forumy ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin derwaýys halkara meýdança hökmünde ileri tutýandygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Günorta Koreýanyň Seul şäherinde gibrid görnüşinde geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Çykyşynyň dowamynda Milli Liderimiz gyzyklanma bildirilýän ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklaryň has hem ilerledilmeginiň zerurlygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, forum Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun Çže Iniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu forumy tutuş ýewraziýa yklymynda, şol sanda koreý tarapy bilen ikitaraplaýyn görnüşde ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de ösdürilmegi üçin derwaýys halkara meýdança hökmünde ileri tutýandygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, koronawirus meselesini syýasylaşdyrmakdan hem-de ony döwletara gatnaşyklarda täsir ediş guraly hökmünde ulanmakdan doly ýüz öwürmegiň zerurdygyna düşünýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek hem-de halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalarynyň syýasatlaşdyrylmazlygy nobatdaky forumyň derwaýys temalarynyň hatarynda boldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň, BSGG-nyň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýewraziýada ösüş ýagdaýlaryna işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen, saglygy goraýyş, “ýaşyl” ösüş, azyk howpsuzlygy we beýleki ugurlarda Günorta Koreýa bilen alyp barýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýändigini belledi. Bu ugurlar Günorta Koreýanyň “Täze Demirgazyk syýasatynyň” düzüm bölegi bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüniň üstüni doldy.

Forumyň dowamynda energiýa, ulag, ekologiýa we sanlylaşdyrma pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara forumy geçen ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda geçirilip, Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly gatnaşypdy.