Türkmenistan “ÝB-Merkezi Аziýa” Ynsanperwer hyzmatdaşlyk Forumyny döretmegi teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “ÝB-Merkezi Аziýa” Ynsanperwer hyzmatdaşlyk Forumyny döretmegi teklip etdi
Türkmen tarapy nobatdaky “ÝB – Merkezi Aziýa” Ykdysady forumynyň Türkmenistanda geçirilmegi bilen bagly teklibi hem beýan etdi. (Surat: Täjigistanyň Daşary işler ministrligi)

Täjigistanyň Duşanbe şäherinde duşenbe güni geçirilen “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 17-nji ýygnagynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Wepa Hajiýew bilim, ylym, medeniýet, sungat we beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň tutuş toplumyny öz içine alýan täze guralyň – “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Аziýa” Ynsanperwer hyzmatdaşlyk Forumynyň herekete girizilmeginiň derwaýys bolup durýandygyny belläp geçdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini, 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda kabul edilen ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de sebitara hyzmatdaşlygynyň we özara hereketleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem, 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Bişkek şäherinde geçirilen “ÝB – Merkezi Aziýa” Ykdysady forumynda öňe sürlen maksatlar we ileri tutulýan ugurlar hakynda gürrüň etmek bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şu gün olaryň durmuşa geçirilmegi ugrundaky geljekki hereketleriň kesgitlenilmegi üçin iň oňaýly wagtdyr, diýip beýan etdi. Şu nukdaýnazardan, özara hereketleriň ykdysady ugry boýunça bilelikdäki hereketleriň yzygiderliliginiň işlenilip düzülmegi hem-de ylalaşylmagy teklip edildi.

Türkmen tarapy energetika, senagat, söwda, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny indiki “ÝB – Merkezi Aziýa” Ykdysady forumynyň esasy ugurlary hökmünde öňe çykardy. Şonuň ýaly-da, nobatdaky Ykdysady forumyň Türkmenistanda geçirilmegi bilen bagly teklip hem beýan edildi.

Ulag, üstaşyr geçelgeler we logistika pudagyndaky ysnyşykly özara hereketleriň has-da ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny bellemek bilen, W.Hajiýew 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen birlikde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatynyň bu ugurdaky ähmiýetli çözgüt bolup durýandygyny nygtady.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy nobatdaky duşuşyga gatnaşyjylary 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.