Eýranyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň Aşgabatda gepleşik geçirmegine garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň Aşgabatda gepleşik geçirmegine garaşylýar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzade (Surat: Mehr)

Eýranyň Prezidenti Ibrahim Raisiniň Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sammitiniň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen gepleşik geçirmegine garaşylýar.

“Mehr” habar gullugynyň belleýşi ýaly, bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzade duşenbe güni habarçylar üçin geçirilen metbugat ýygnagynyň barşynda mälim etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Azerbaýjanyň premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýewiň geçen hepde Tährana amala aşyran saparynyň “möhüm we netijeli” bolandygyny hem nygtady.

Ozal habar berlişi ýaly, Azerbaýjanyň premýer-ministriniň orunbasary ýekşenbe güni Tährana gelip, Eýranyň Daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahian we Eýranyň nebit ministri Jawad Owji ýaly birnäçe ýokary derejeli resmiler bilen duşuşdy.

Wise-premýer Şahin Mustafaýew bilen ministr Jawad Owjiniň arasynda geçirilen ýygnakda alyş-çalyş arkaly goňşy ýurtlaryň we şol sanda Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugratmagy, şeýle-de Nahçywan gaz şertnamasy boýunça ylalaşypdylar.  

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň sammiti 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022