Eýranyň Prezidenti Raisi YHG sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň Prezidenti Raisi YHG sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geler
Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammitine gatnaşmak üçin türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çakylygy bilen şenbe güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine tarap ugrar.

Sammitiň barşynda Eýranyň Baştutany sebitleýin hem-de halkara gatnaşyklary giňeltmekde, esasanam  YHG agzalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, ykdysady alyş-çalyşlary ýeňilleşdirmekde we gowulandyrmakda öz ýurdunyň garaýşyny we tekliplerini hödürlär. Bu barada Eýranyň ISNA agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Saparyň dowamynda Prezident Raisi sammitiň beýleki gatnaşyjylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşar.

Habarda bellenilişi ýaly, Raisiniň gün tertibinde Türkmenistanda ýaşaýan eýranly işewürler bilen duşuşyklar hem bardyr.

YHG 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin döwletara ykdysady guramadyr. Eýran, Türkiýe, Pakistan, Owganystan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Azerbaýjan bu guramanyň agzalarydyr.

Türkmenistan 1992-nji ýylda YHG-nyň agzasy boldy. Şu ýyl YHG-nyň başlyklygyny saklaýan Türkmenistan ýekşenbe güni guramanyň 15-nji sammitini kabul eder.

2022