Özbegistan we Türkmenistan 26-njy noýabrdan başlap “Hojeýli-Köneürgenç” we “Şawat-Daşoguz” ýük daşamalary üçin barlag nokatlarynyň işini gaýtadan ýola goýmak barada ylalaşdylar.
Özbegistanyň Transport ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, taraplar penşenbe güni bitarap zolakda halkara ýük daşaýan tirkegleriň we ýarym tirkegleriň galtaşyksyz alyş-çalyş işini synagdan geçirdiler.
Iki serhet barlag nokady dünýädäki COVID-19 pandemiýasy sebäpli çäklendiriji çäreleriň girizilmegi esasynda 2020-nji ýylda ýapyldy. Mundan ozal Özbek-türkmen serhedinde diňe “Alat-Farap” serhet barlagy hereket edýärdi.
Özbegistanyň Transport ministrligi, Döwlet gümrük komiteti we Döwlet howpsuzlyk gullugynyň serhet goşunlary Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we bölümleri bilen bilelikde ýokarda agzalan barlag nokatlarynyň sanitariýa we epidemiologiki kadalara laýyk gelmegini üpjün etmek üçin birnäçe işleri alyp barýarlar.
Barlag nokatlary barada ylalaşyk geçen penşenbe güni ulag we logistika boýunça özbek-türkmen iş toparynyň onlaýn ýygnagynda gazanyldy.