Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň ýangyç serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi ugrunda çykyş edýändiklerini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Onuň dowamynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň kuwwatly, uglewodorod serişdelerine baý döwletlerdigini, olaryň önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, ýangyç serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi ugrunda çykyş edýändiklerini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, mundan beýläk-de bilelikde energetika taslamalaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak meýli beýan edildi.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýada ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegiň, onuň halkara ulag düzümine netijeli goşulyşmagynyň geljegi bilen baglylykda, Milli Liderimiz täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin iki döwletiň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak maksady bilen, bilelikdäki çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna rowaçlyk we düýpli özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

2022