Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Safari Türkmenistanyň sebitde möhüm ähmiýete eýedigini we Yslam Respublikasynyň biziň ýurdumyz bilen söwda gatnaşyklarynyň giňelmegine goldaw bermek isleýändigini aýtdy.
Eýranyň IRNA agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada Safari anna güni Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanda işleýän eýranly işewürler bilen duşuşygynda beýan etdi.
Safari Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň goňşy ýurtlar bilen iň ýokary gatnaşyk saklamak syýasatyny ileri tutýandygyny we esasanam nebit däl pudaklarda daşary söwdany ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, Eýranyň Daşary işler ministrligi beýleki döwlet guramalary bilen hyzmatdaşlykda daşary söwda ýolundaky kynçylyklary we päsgelçilikleri çözmek üçin toplumlaýyn meýilnamalary düzüp başlady.
“Esasanam ulag pudagynda, tehniki we inženerçilik hyzmatlaryny we nebit däl önümlerini eksport etmekde gowy işler alnyp baryldy” diýip, Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary aýtdy.
Türkmenistan bilen gaz eksporty meselesini çözmek boýunça edilen tagallalara ünsi çekip, Safari Eýranyň özara söwdany ösdürmekde iki ýurduň söwdagärlerine goldaw berjekdigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi we ýygnaga gatnaşan işewürler Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary YHG-nyň XV sammitine we onuň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi.
Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine gatnaşmak üçin şenbe güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine tarap ugrar. Saparynyň çäklerinde Raisi Türkmenistanda işleýän eýranly işewürler bilen hem duşuşar.