YHG-nyň sebitleýin taslamalary boýunça tekliplere garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
YHG-nyň sebitleýin taslamalary boýunça tekliplere garaldy
Mejlisiň çäklerinde YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji duşuşygynyň hasabaty kabul edildi.

Aşgabatda şenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar YHG-nyň Baş sekretarynyň hasabatyna hem-de YHG-nyň sebitleýin taslamalar boýunça tekliplerine (2021-2022-nji ýyllar) seredip geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, tekliplerde Guramanyň häzirki dowam edýän maksatnamalary we taslamalary hem-de hasabat berilýän döwürde gazanylan ykdysady ugurdaky sepgitleri beýan edildi. Gün tertibine YHG-nyň  2025-nji ýyla çenli Garaýşy: Ösüş we baha bermek atly Ortamöhletli synyna seretmek, YHG-nyň arassa energiýa boýunça Merkeziniň döredilmegi baradaky Hartiýasynyň kabul edilmegi ýaly ugurlar hem girizildi we YHG-nyň Ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, sebitleýin institutlarynyň hem-de degişli edaralarynyň ýyllyk hasabatlary hem diňlendi.

Mejlisde YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji duşuşygynyň başlygy - Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly çykyş etdi. Soňra YHG-nyň Baş sekretary Hysraw Nozirä söz berildi. Öz çykyşynda ol mejlise gatnaşyjylary mähirli garşylady we YHG-niň işleriniň häzirki ýagdaýy barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň YHG-de başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda 2021-nji ýyl üçin birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Olaryň içinde agza-ýurtlarda maýa goýum hereketleriniň işjeňleşdirilmegi, erkin söwda-ykdysady zolaklarynyň, täze ykdysady geçelgeleriň döredilmegi, durnukly energetika, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýaly ugurlar bardyr.

YHG-niň agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda birnäçe ýyllaryň dowamynda mejlisiň geçirilmegi YHG-niň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek hem-de beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli gurallaryň biri bolup durýandygy barada belläp geçdi. Şeýle hem mejlisiň çäklerinde YHG-nyň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň çykyşlary hem-de Guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.

Gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri, ol hem 15-nji Sammitiň geçirilmegine görülýän taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri boldy. Bu ugurda ýokary derejeli duşuşygyň Gün tertibiniň, Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň, şonuň ýaly-da çäräniň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalary boýunça pikirler alşyldy.

Şeýle hem, mejlisiň çäklerinde YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji duşuşygynyň hasabaty kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda birnäçe resminamalara, şol sanda “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş Umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek dabarasy geçirildi.

2022