Noýabr IV hepde: eksport geleşikleri $25,5 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Noýabr IV hepde: eksport geleşikleri $25,5 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçileri suwuklandyrylan gaz we polietilen satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 25 million 509 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Türkiýäniň, Polşanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Özbegistanyň täjirleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümi bolan polietileni satyn aldylar.

Owganystanyň we Özbegistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 48 müň manatdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin pagta süýümini, el halylaryny we “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen polietileni satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 160 million 269 müň manatlykdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

2022