BSGG-nyň bilermenler topary Türkmenistana saparyny tamamlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
BSGG-nyň bilermenler topary Türkmenistana saparyny tamamlady
BSGG-nyň bilermenleri ýokanç däl keseller ugrunda maslahat bermek boýunça Türkmenistanyň birnäçe lukmançylyk edaralaryna baryp gördüler. (Surat: BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy)

Adatdan daşary global pandemiýa ýagdaýy sebäpli saglyk ulgamlarynda taýýarlygyny güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistana gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilermenler topary hökümet ulgamlary bilen işleşip, bir hepdelik saparyny tamamlady. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň duşenbe güni sapar boýunça ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Sebitleýin direktory doktor Dorit Nitsanyň aýtmagyna görä, BSGG-nyň topary saparyň  dowamynda COVID-19 ýokanjynyň delta görnüşiniň ýaýramagy sebäpli sebitde pandemiýanyň üýtgeýän häsiýetini belledi. Şeýle hem, olar täze görnüşleriň ýüze çykmagyna hem-de olaryň dünýäde ýaýramagyna ünsi çekdiler.

Bu saparyň amala aşyrylmagy BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda ylalaşylypdy. Saparyň ileri tutulýan ugurlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen geçirilen maslahatlaryň dowamynda kesgitlenildi. Olaryň hatarynda saglyk diplomatiýasy, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk, epidemiologiýa we gözegçilik ukyby, sanlaşdyrma hem-de innowasiýa, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin saglyk Ýol kartasyny düzmek ýaly sebitleýin başlangyçlar görkezildi.

Toparda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk hem-de çäre görmek, ýokanç däl keseller, daşky gurşaw, “Bitewi saglygy goraýyş” konsepsiýasy, epidemiologiýa, gözegçilik, saglyk maglumatlary, maglumat ulgamlary, sanly saglyk we innowasiýa boýunça tejribesi bar bolan bilermenlerden ybaratdyr. BMG-nyň beýanatyna görä, türkmen hünärmenleri bilen bilelikde işleşip, bilermenler dogry maglumatlara, ylmy subutnamalara we Ýewropa sebitindäki beýleki ýurtlaryň tejribesine esaslanyp, teklipler berdiler.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň toparlary bilen “Bir saglyk ýörelgesi” esasynda bakteriologiýa we wirologiýa boýunça sebitleýin mümkinçilikleri güýçlendirmek baradaky gepleşikler saparyň möhüm ugurlarynyň biri boldy. Şeýle hem, bilermenler COVID-19-yň ýüze çykarylmagyna ýardam bermekde wirus genetiki yzygiderliliginiň nädip döredilip bilinjekdigine seretdiler.

BSGG-nyň bilermenleri Türkmenistanyň COVID-19 pandemiýasyna garşy taýýarlygyny goldamakdan başga-da ýokanç däl keseller, temmäki gözegçiligi we saglyk maglumat ulgamlary ýaly beýleki ugurlarda maslahat bermek boýunça birnäçe lukmançylyk edaralaryna baryp gördüler.