Ýanwar-noýabr: Nagt däl pul dolanyşygy 9 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-noýabr: Nagt däl pul dolanyşygy 9 milliard manatdan geçdi
“Mobil bank” ulgamy arkaly 7 million 302 müň 940 manada deň bolan nagt däl hasaplaşyk amala aşyryldy.

2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 9 milliard 125 million 194 müň 565 manada barabar boldy. Merkezi bankyň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, ýokarda agzalan senelerde terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 8 milliard 557 million 925 müň 425 manada deň boldy.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aralygynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 365 million 782 müň 918 manatlyk söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 7 million 302 müň 940 manada deň bolan hasaplaşyk amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 176 million 706 müň 285 manada we “Internet bank” ulgamy arkaly 776 müň 633 manada deň boldy.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 16 million 700 müň 364 manat nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Ozal belläp geçişimiz ýaly, 2021-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň karz edaralaryndaky goýumlarynyň umumy möçberi 3 milliard 286 million 400 müň manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 5,35% ýokarlanypdy. 2020-nji ýylyň noýabr aýy ýagdaýyna goýumlaryň umumy möçberi 3 milliard 119 million 500 müň manada deň boldy.

Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde “Türkmenbaşy” hem-de “Senagat” banklarynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalary açyldy.

2022