Türkmenistan goňşy Owganystana ynsanperwer kömegini ugradar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan goňşy Owganystana ynsanperwer kömegini ugradar
Türkmenistanyň Prezidenti anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Daşary işler ministrine ynsanperwer kömegi boýunça tabşyrygy berdi.

Türkmenistan ýakyn wagtda Owganystanyň halkyna ynsanperwer kömegini iberer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Daşary işler ministri Raşid Meredowa degişli tabşyrygy berdi.

Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz ýurduň nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowa Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, mejlisiň barşynda Milli Liderimiz gurluşyk, senagat we energetika toplumlaryna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekowa bar bolan kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Owganystanyň Hyrat welaýatynda noýabr aýynyň ahyrynda owgan we türkmen resmileriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda taraplar bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşypdylar. Konferensiýa Owganystanyň magdan we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Mohammad Isa, Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow we iki ýurduň degişli pudaklarynyň resmileri gatnaşypdylar.